Soňky habarlar

Arhiw

«Şa Ýyldyz» restorany türk aşhanasynyň tagamlarynyň giň görnüşlerini hödürleýär

09:3023.12.2022
0
19380

Aşgabatda ýerleşýän «Şa Ýyldyz» restorany paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ýakynlary bilen wagtyny hoş geçirmäge, baýramçylyklary we maşgala dabaralaryny bellemäge hem-de tejribeli aşpezleriň taýýarlaýan türk we Gündogar aşhanasynyň datly tagamlary bilen tanyşmaga çagyrýar.

Aýdym-sazy halaýanlar üçin bu ýerde hepdäniň her sişenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri aýdymçylaryň «janly sesde» ýerine ýetirmegine aýdym-sazly çykyşlar, şeýle-de özleri aýdym aýtmaga gyzyklanma bildirýän çagalar we uly ýaşlylar üçin bolsa karaoke bardyr.

«Şa Ýyldyz» futbol janköýerleri üçin-de wagtyny gyzykly geçirmäge laýyk geljek örän jaýdar ýerleriň biri bolup biler, restoranda dünýäniň we sebitiň iri futbol duşuşyklaryny göni ýaýlymda tomaşa edip bolýar.

Ýylyň maýyl möwsümlerinde bolsa restoranyň howlusynda gür baglyga bürelen ajaýyp ýerde oturyp naharlanmak mümkinçiligi bar.

Restoranyň müşderileriniň islegine görä, bu ýerden dürli hili tagamlar zerur bolan salga eltilip berilýär.

«Şa Ýyldyz» restoranynyň ýerleşýän salgysy: Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40A jaý («MSM» söwda merkeziniň ýanynda). Telefon belgileri: 45 46 47, (+993 61) 65 11 77, (+993 61)66 22 77. Restoranyň sosial mediadaky hasaby.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň