Arhiw

Innopolis uniwersiteti Türkmenistanyň çäginde gurluşyk robotyny patentleşdirdi

11:5220.12.2022
0
33914

Innopolis uniwersiteti sekiz döwletiň, şol sanda Türkmenistanyň çäginde tanaply gurluşyk robotyny patentleşdirdi. Bu robotyň gurluşy daşamak üçin oňaýly we ol beýleki gurluşyk 3D printerlerinden has ýeňil diýip, TASS uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

«Milli tehnologiýa başlangyçlary kompetensiýa merkeziniň hünärmenleri Innopolis uniwersitetinde «Robototehniki we mehaniki komponentleriň tehnologiýasy» ugry boýunça işlenip düzülen gurluşyk 3D printeri Ýewraziýa patent edarasy tarapyndan patentleşdirildi we Ýewraziýa patent konwensiýasynyň ähli agza ýurtlarynda — Türkmenistanda, Belarusda, Täjigistanda, Gazagystanda, Azerbaýjanda, Gyrgyzystanda, Ermenistanda we Russiýada işläp taýýarlamak üçin aýratyn hukuklaryň goraglylygyna eýe boldy» diýlip, habarda aýdylýar.

Şeýle hem habarda tanaply ulgamyň binýadynda işlenip taýýarlanylan gurluşyk robotynyň aýratynlyklary barada durlup geçilýär. Aýdylmagyna görä, ony binanyň belli bir meýdany üçin ýörite düzmegiň zerurlygy ýok, diňe tanaplar berkidilen diňleri — başnýalary dogry aralykda goýmak ýeterlikdir. Soňra gurluşyk garyndysyny degişli gaba guýup, sazlamalary düzmeli we uzak aralykdan dolandyrmak bilen, 3D çap etmek işine başlabermeli.

Ýewraziýa patent edarasy Innopolis uniwersitetiniň bu oýlap tapyşyny 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň iň gowy patenti hökmünde ykrar etdi.

Tanaply gurluşyk robotynyň 3D çap etmek arkaly bir hepdede iki gatly jaý gurup biljekdigi habar berildi.

Ýeri gelende bellesek, Innopolis Tatarystanyň bir şäheri bolmak bilen, onuň gurluşygy 2012-nji ýylda başlandy we üç ýyl soň açyldy. 2012-nji ýylda Russiýanyň Hökümetiniň karary bilen ol ýerde ýörite ykdysady zolak döredildi. Tatarystanyň häkimiýetleri Innopolisi IT kompaniýalary üçin özüne çekiji merkez hökmünde ösdürýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň