Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Mongoliýa türkmen gazyny ibermegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

16:3107.06.2015
0
3922

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow özüniň Mongoliýa saparynyň çäklerinde prezident Sahiagiýn Elbegdorž bilen duşuşdy. Bu barada Mongoliýanyň baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda prezident iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň bardygyny belläp, myhman bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek barada pikir alşyldy.

Taraplar türkmen tebigy gazyny Mongoliýa ibermegiň, mongol ýüň, ýumşak mata we gön önümleriniň, halylarynyň, goýun we sygyr etiniň türkmen bazaryna ýetirilmeginiň we syýahatçylyk ulgamynda aragatnaşyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga ylalaşdylar.

Taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyny döretmegiň meselelerine garamagy maksadalaýyk hasapladylar.

“Türkmenistanyň wise-premýeri biziň ýurdumyza ilkinji gezek gelýär. Bu biziň üçin taryhy waka” — diýip, Elbegdorž belledi.

Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.        

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň