Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emirini ýurduň Milli güni bilen gutlady

22:0218.12.2022
0
22388

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ýola goýuldy hem-de netijeli alnyp barylýar — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany gutlagynda belleýär hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze sepgitlere ýetirmäge taýýardygyny aýdyp, şol gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä berk jan saglygyny, abadançylygy we asylly işlerinde üstünlikleri, Katar Döwletiniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň