Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Köpetdag» «Şagadamy» ýeňip, bürünç medal ugrundaky göreşden galmady

23:5817.12.2022
0
17599

Ýaşlarynyň göreldesine eýerip, Ýokary ligada-da bürünç medaly maksat edinýän «Köpetdag» 27-nji tapgyrda möhüm ýeňiş gazandy. Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyny» kabul eden topar ýaryşdaky goňşusyny 2:0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşygyň üçden iki bölegi tamamlanýança, iki toparyň hem hüjümleri netije bermedi. 61-nji minutda Bagtyýar Gürgenow «Köpetdagyň» duşuşykdaky ilkinji goluny geçirdi. Ikinji goly bolsa goşmaça wagtyň 2-nji minudynda Şamämmet Hydyrow öz adyna ýazdyrdy.

Bu ýeňiş «Köpetdagy» bürünç medal ugrundaky ýaryşyň içinde saklady. Bu ornuň häzirki eýesi «Merwde» 43 utuk bar bolsa, «Köpetdag» 42 utuk bilen onuň söbügine düşüp barýar. 34 utukly «Şagadam» bolsa möwsümi bäşinji orunda tamamlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň