Arhiw

TÝL ― 2022: «Ahal» möwsümdäki ilkinji utulyşyny «Merwden» aldy

23:5517.12.2022
0
20152

Möwsümiň tamamlanmagyna 1 tapgyr galanda, «Ahal» ahyrsoňy utulyş bilen ýüzbe-ýüz bolmaly boldy. Möwsümiň çempionlygyny 25-nji tapgyrda yglan eden Mergen Orazowyň şägirtleri şondan iki tapgyr soňra ilkinji gezek utuldylar.

Umuman, çempionlyk duşuşygyndan soň janköýerleriniň keýpini gaçyrýan «Ahal» (26-njy tapgyrda «Köpetdag» bilen deňme-deň oýnapdy) 27-nji tapgyrda myhmançylykda «Merwden» 2:3 hasabynda asgyn geldi.

Eýýäm ilkinji ýarym sagadyna üç gol sygan duşuşygyň 10-njy minudynda Orazberdi Myradow «Merwi» hasapda öňe çykardy. Çempion bu gola 5 minut soňra Resul Hojaýew bilen jogap berdi.

«Merw» 23-nji minutda Begenç Alamowyň dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusyndan soň ýene bir gezek tapawutlandy. «Ahal» bu gola-da birinji ýarymyň goşmaça wagtynyň 2-nji minudynda Didar Durdyýewiň dürs ulanan 11 metrlik jerime urgusy bilen jogap berdi.

Ýöne çempion hernäçe urunsa-da, ikinji ýarymyň başynda, duşuşygyň bolsa 48-nji minudynda Amangeldi Saparowyň geçiren goluna jogap tapyp bilmedi. Bu şowsuzlyk bolsa myhman toparyň şu möwsümdäki ilkinji utulyşy boldy.

Çempion bu duşuşykdan soňra 70 utukda galan bolsa, «Merw» utugyny 43-e çykaryp, üçünji orun ugrundaky göreşde «Köpetdag» bilen 1 utuklyk aralygy gorady. Şeýlelikde, möwsümiň bürünç medalynyň eýesi 28-nji tapgyryň duşuşygyndan soň belli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň