BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşar

20:4006.06.2015
0
5015

BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun öňümizdäki hepdede sapar bilen Merkezi Aziýa ýurtlaryna ugrar. Ol Täjigistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Özbegistanda we Türkmenistanda bolar.

Sişenbe güni, 2015-nji ýylyň 9-njy iýunynda BMG-niň Baş sekretary Täjigistana geler we bu ýerde geçirilýän “Suw — ýaşaýyş üçin” atly halkara maslahatynyň işine gatnaşar. Şeýle hem Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşar we Sarez kölüne baryp görer.

Ertesi güni, 2015-nji ýylyň 10-njy iýunynda Pan Gi Mun sapar bilen Gazagystana barar. Ol bu ýerde Dünýä Liderleriniň we dini däpleriň bäşinji kongresiniň işine gatnaşar. Pan Gi Mun prezident Nursultan Nazarbaýew, premýer-ministr Karim Masimow we daşary işler ministri Ýerlan Idrizow bilen duşuşar. Saparyň çäklerinde, şeýle hem senator Kassim Tokaýew bilen duşuşmak meýilleşdirilýär.

2015-nji ýylyň 11-nji iýunynda Pan Gi Mun Gyrgyzystana barar. Ol bu ýerde Ösüş we parlamentarizm boýunça halkara maslahatynyň işine gatnaşar. Baş sekretar Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew, premýer-ministr Temir Saryýew we parlamentiň başlygy Asylbek Žeenbekow bilen duşuşar. Pan Gi Mun Oş şäherinde bolup, raýat jemgyýetiniň we ýerli häkimiýetleriň wekilleri bilen gürrüňdeşlik geçirer.

Pan Gi Mun 2015-nji ýylyň 12-nji iýunynda Özbegistana barar. Saparyň meýilnamasynda prezident Yslam Karimow we daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen gepleşikler geçirmek bellenilýär.

Türkmenistan Baş sekretaryň Merkezi Aziýa boýunça saparynyň soňky duralgasy bolar. Bu ýerde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we beýleki resmi wekiller bilen duşuşmak göz öňünde tutulýar. Pan Gi Mun Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň öňünde çykyş eder diýlip, www.un.org/russiyan/news/story.asp-niň habarynda aýdylýar.             

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň