Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny we kömek pullaryny ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar

20:1006.06.2015
0
3107

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2016-njy ýylyň Döwlet býujeti işläp taýýarlanylanda zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny we kömek pullaryny azyndan 10 göterim ýokarlandyrmagy göz öňünde tutmagyň wajypdygyny nygtady.

Türkmenistanda, öň habar berlişi ýaly, 2016-njy ýyl üçin döwlet býujetiniň taslamasyny Ministrler Kabinetine şu ýylyň 1-nji noýabryna çenli hödürlemek göz öňünde tutulýardy.

Türkmenistan sebitde tebigy gaz ibermek boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Satyn alyjy ýurtlar hökmünde Russiýa, Hytaý, Eýran çykyş edýär.

Býujetiň girdeji bölegi, esasan, nebit-gaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk ulgamlary ýaly, wajyp önümçilik pudaklarynyň hasabyna üpjün edilýär.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň