Soňky habarlar

Arhiw

GDA-da sanly saglygy goraýyş giňişligini döretmek göz öňünde tutulýar

18:4016.12.2022
0
23269
GDA-da sanly saglygy goraýyş giňişligini döretmek göz öňünde tutulýar
Surat: medvestnik.ru

GDA-da sanly saglygy goraýyş giňişligini döretmek meýilleşdirilýär. Munuň üçin zerur kanun taslamasy Seçenow adyndaky Ilkinji Moskwa döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň alymlary tarapyndan işlenip düzüldi we GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Durmuş syýasaty we adam hukuklary boýunça hemişelik toparynyň mejlisinde hödürlendi.

Bu resminama Arkalaşygyň ýurtlarynyň saglygy goraýyş ulgamyndaky milli kanunçylygyny bir ülňä getirmäge we şeýlelik bilen olaryň arasynda bitewi sanly giňişligi döretmäge kömek eder.

Bitewi sanly giňişlikdäki hyzmatdaşlyk Arkalaşygyň ýurtlaryna saglygy goraýyş ulgamyndaky maglumatlary ýygnamak we saklamak üçin öňdebaryjy platformalary döretmäge, ylmy gözlegleri geçirmäge we lukmançylyk işgärleriniň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň