Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Kamar`s» tikinçilik ussahanasy Täze ýylyň öňüsyrasynda egin-eşik nusgalarynyň görkezilişini geçirýär

13:0116.12.2022
0
30469

«Kamar`s» tikinçilik ussahanasy 2022-nji ýylyň 26-njy dekabrynda tikinçileri tarapyndan döredilen egin-eşik nusgalarynyň görkezilişini geçirýär. Tomaşaçylaryň dykgatyna hususy taslamalar esasynda döredilen Ýewropanyň elementleri bilen utgaşdyrylyp, milli usulda tikilen özboluşly egin-eşik toplumy hödürlener. Görkeziliş Andalyp köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Soltan» restoranynda geçiriler.

Şeýle hem «Kamar`s-da» döredilen taýyn köýnekleriň görnüşleri «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 2-nji gatynda ýerleşýän «Owadan perde» dükanynda alyjylara hödürlenýär.

Mundan başga-da, dükanda dürli reňkli hem-de görnüşli perdelik matalar we tutular hödürlenýär. Tejribeli satyjy-maslahatçylar islendik otagyň reňk öwüşginleri bilen sazlaşýan perdeleri we tutulary saýlap almaga kömek ederler, tikinçiler bolsa müşderileriň sargydy boýunça islendik görnüşli perdeleri tikip bererler.

Ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli «Owadan perde» ähli harytlara – taýyn köýnekleriň nusgalaryna we perdelik matalara 30% arzanladyş yglan edýär.

«Kamar`s» – habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 63) 51 88 91, (+993 63) 03 57 57.

«Owadan perde» – habarlaşmak üçin telefon belgileri: +(993 63) 03 57 57.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň