Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda beýikligi 43 metre barabar bolan Täze ýyl arçasy bezeldi

11:0016.12.2022
0
31306

Aşgabatda «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançany Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli bezemek işleri tamamlandy. Bu ýerde bezelen Türkmenistanyň Baş Täze ýyl arçasynyň beýikligi 43 metre barabar boldy diýip, TDH habar berdi.

Baş arçanyň çür depesinde sekiz burçly ýyldyz we «2023» mazmunly ýazgy ornaşdyryldy.

Ýatlap geçsek, geçen ýyl Aşgabatdaky Baş Täze ýyl arçasy Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynda paýtagt arçalarynyň reýtinginde beýikligi boýunça öňdebaryjy bolupdy. Şonda arçanyň ýyldyz bilen bilelikdäki beýikligi 38,5 metre barabardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň