Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

10:1516.12.2022
0
19536

Prezident Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

— Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasynda ýyllaryň dowamynda emele gelen köpugurly gatnaşyklara ýokary baha berýäris — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda belledi hem-de hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýarlyk, Bahreýn Patyşalygynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň