Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Gazagystany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

09:4216.12.2022
0
18876

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda Gazagystanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet gurluşyny berkitmek, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak we halkara giňişlikde ýurduň abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin syýasy, durmuş-ykdysady ugurlarda özgertmeleri amala aşyrandygyny kanagatlanma bilen belledi.

— Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary uzak möhletleýin hem-de strategik häsiýete eýedir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar, däp bolşy ýaly, açyklyk, birek-birege hormat goýmak, düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp, işjeň ösdürilýär — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady hem-de Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, gazak kärdeşi Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýarlyk, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, gutlag hatynda Garaşsyzlyk ýyllarynda Gazagystanyň durmuş-ykdysady ösüşinde we halkyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmakda uly üstünlikleri gazanmagy başarandygy nygtalýar.

— Bu gün Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky strategik gatnaşyklar ýokary depginlerde ösdürilýär. Parlamentara gatnaşyklaryň hem işjeň ösdürilýändigi bizi begendirýär. Olar biziň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir — diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň geljekde-de iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýarlyk, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň