Arhiw

BMG-niň Baş Assambleýasynda «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakynda rezolýusiýa kabul edildi

06:2206.06.2015
0
4634

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýunda geçirilen mejlisinde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz hasabynda Türkmenistanyň Nýu-Ýorkdaky Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasyndan gelip gowşan hoş habary aýtdy.

3-nji iýunda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” hakynda rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilendigini habar berdi. Ýurtlaryň 47-si bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Mejlisde Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Rezolýusiýada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam berýändigi beýan edilýär. Bu resminamada sebitiň ýurtlary we dünýäniň beýleki döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň we oňyn hyzmaty bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň