Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda howanyň üýtgemegi bilen bagly okuw maslahaty geçirildi

11:3315.12.2022
0
14205

Aşgabat şäheriniň we Lebap, Mary, Balkan welaýatynyň gidrometrologlary gidrologiki enjamlary ulanmak boýunça geçirilen amaly okuwa gatnaşdylar.

Gysga wagtlyk okuwlar Birleşen Milletler Guramasynyň Öňüni alyş Maksatnamasynyň guramagynda Türkmenabat şäherinde geçirildi. Okuwlar Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ýaşyl howa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistanda milli uýgunlaşma hadysasynyň meýilnamalaşdyrylyşynyň ösüşi» atly taslamsynyň çäklerinde guraldy.

Okuwlary BMGÖM-niň bilermeni, Germaniýanyň «OTT Hydromet GmbH» kompaniýasynyň wekili Li Gardner alyp bardy. Ol okuwa gatnaşyjylary iri we kiçi derýalaryň akym tizligini we suw akymyny ölçemek üçin niýetlenen gurallaryň işleýşi bilen tanyşdyrdy. Okuw sapaklary Amyderýanyň Çärjew we Dänew etraplarynyň çäklerinde akyp geçýän böleklerinde geçirildi.

Şeýle hem okuwlaryň bir bölegi, «OTT Qreview» programma üpjünçiligini ulanyp alnan maglumatlary gaýtadan işlemäge bagyşlandy. Bu döwrebap gidrologiki gurallaryň iş ýüzünde ulanylmagy has takyk maglumatlary almaga kömek eder we hünärmenleriň gündelik işini ýeňilleşdirer. Şeýle hem bu gural arhiw maglumatlaryny ýygnamagy we saklamagy ýeňilleşdirer.

Ýeri gelende aýtsak, «Türkmenistanda milli uýgunlaşma hadysasynyň meýilnamalaşdyrylyşynyň ösüşi» atly taslama howanyň üýtgemegine uýgunlaşma meýilnamalaşdyrylyşyna gatnaşýan hünärmenleriň we edaralaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

BMGÖM-iň metbugat habarnamasynda ýazylyşy ýaly, Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Gidrometeorologiýa gullugy oba hojalygy we suw pudaklary ýaly milli ykdysadyýetiň örän möhüm, emma howanyň üýtgemegine sezewar bolan pudaklary üçin uýgunlaşma çärelerini meýilleşdirmegi goldaýan esasy guramadyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň