Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Şagadam» «Energetigi» Kerim Hojaberdiýewiň üç goly bilen ýeňdi

22:3014.12.2022
0
19973

«Şagadam» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 26-njy tapgyrynda «Şagadamy» 3:0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykda ýeňiji toparyň gollarynyň üçüsini hem 4-nji, 33-nji (11 m.j.u.) we 57-nji minutlarda Kerim Hojaberdiýew geçirdi.

Bu ýeňişden soň «Şagadam» dördünji orundaky «Köpetdag» bilen aralygy 5 utuga çenli ýygyrdy. «Energetik» bolsa 15 utuk bilen ýedinji orunda galdy.

Ýokary ligada «Ahalyň» çempion bolandygyny, «Altyn asyryň» bolsa eýýäm ikinji orundaky ýerini berkidendigini ýatladýarys. Üçünji orun üçin «Merw» bilen «Köpetdag» göreşer.

Çempionat ýene-de iki tapgyrdan tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň