Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Altyn asyr» «Merwi» kiçi hasap bilen ýeňdi

22:1014.12.2022
0
19346

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary Ýokary liganyň 26-njy tapgyrynda Marynyň «Merwini» ýeňdi.

Aşgabatda geçirilen duşuşyk 1:0 hasabynda ýer eýeleriniň haýryna tamamlandy. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini birinji ýaryma goşulan wagtyň 2-nji minudynda hüjümçi Altymyrat Annadurdyýew geçirdi.

55 utukly «Altyn asyr» ýaryş tertibinde ikinji orny eýeleýär. Üçünji orundaky «Merwiň» bolsa 40 utugy bar.

«Ahal» futbol toparynyň eýýäm 25-nji tapgyrdan soň çempionlygyny yglan edip, Türkmenistanyň futbol çempionatynda «Altyn asyryň» 8 möwsümlik hökmürowanlygynyň soňuna çykandygyny habar beripdik. 26-njy tapgyrdaky ýeňiş bilen «Altyn asyr» hem möwsüm tamamlanmanka, ikinji ornundaky ýerini berkitdi. Indi diňe baýrakly orunlaryň üçünjisi üçin göreş dowam edýär.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionaty ýene-de iki tapgyrdan tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň