Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Ahatmyrat Nuwwaýewiň şägirtleriniň sergisi açyldy

23:2705.06.2015
0
2384

Iýun aýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda akademiýanyň uçurymlarynyň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Ahatmyrat Nuwwaýewiň şägirtleriniň eserleriniň sergisi açyldy.

Bu sergi ýaş suratkeşleriň türkmen döwletiniň häzirki döwrüniň durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny äşgär etdi. Akademiýanyň baýry uçurumlary Rahman Rahmanowyň, Begenç Berkeliýewiň, Döwran Hezretgulyýewiň Perhat Işangulyýewiň, Gahryman Goçmyradowyň diňe bir stanok nakgaşçylygy bilen meşgullanman, eýsem, sýužet eserleri bilen bir hatarda ssenografiýa taslamalaryny, ýagly reňkde peýzaž etýudlaryny hem-de grafika eserleri – kitap bezegini ýerine ýetirmekleri akademiýanyň halypa mugallymlary üçin diýseň ýakymly boldy. Bu eserler tomaşaçyny gözelligi we täsirliligi bilen özüne maýyl edýär.

Ýaş suratkeşler ülkämizi özboluşly wasp etdiler. Olaryň eserlerinde soňky ýyllarda türkmen nakgaşçylarynyň we grafikaçylarynyň gazanan üstünlikleriniň gowy taraplary ýüze çykýar. Olar işlerinde Türkmenistanyň täze durmuşynyň häsiýetlerine uly gyzyklanma bildirýärler. Giň, güneşli şaýollar, täze gurluşyklaryň giden bir toplumy, çalasyn ahalteke bedewleri, milli baýramlaryň, toýlaryň şatlygy, şeýle-de, Köpetdagyň baky syrly beýik daglary, ine, bularyň ählisi R.Rahmanowyň, B.Berkeliýewiň, D.Hezretgulyýewiň, P.Işangulyýewiň, G.Goçmyradowyň eserlerinde çeper beýana eýe bolýar.

Ýaş suratkeşlere, göräýmäge, gaty bir täze bolmadyk sýužetleri hem özboluşly gaýtalanmajak çözgütde ýerine ýetirmek başardýar. Begenç Berkeliýewiň “Geldi ýaranlar” atly işiniň tämiz duýgulary seni gaplap alsa, Döwran Hezretgulyýewiň “Joralar”, “Durnalar” atly eserlerinde hiňňiligiň badyna telwas bolan gyzlaryň görmegeý keşpleri tolgundyrýar. P.Işangulyýewiň G.Goçmyradowyň peýzalarynda, R.Rahmanowyň türkmeniň nusgawy şahyry Magtymgulynyň eserlerine bagyşlanan kitap illýustrasiýalarynda ene topragyň durmuşyna we medeniýetine bolan tolgundyryjy gyzyklanma aýdyň okalýar. Bu bolsa serginiň esasy aýratynlygyny kesgitleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň