Soňky habarlar

Arhiw

Ulularyň başarmadygyny başaran «Altyn asyryň» ýaşlaryna çempionlyk kubogy gowşuryldy

23:5610.12.2022
0
4304

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň ýeňijisi “Altyn Asyr II” toparynyň sylaglanyş dabarasy geçirildi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berdi.

Baýrak gowşurylyş dabarasynyň ýaşlar toparlarynyň gatnaşmagyndaky birinjiligiň 14-nji tapgyrynyň yzysüresi paýtagtymyzdaky “Sport toplumy” stadionynda geçirilendigini bellemek gerek. Çempion bolan topara baýraklary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Tehniki bölüminiň başlygy Berdimyrat Nurmyradow gowşurdy. Ýeňiş Kubogynyň “Altyn Asyr II” toparynyň kapitany Resul Röwşenmyradowa gowşurylandygyny bellemek gerek.

Ýeri gelende bellesek, paýtagtymyzyň “Altyn Asyr II” topary Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligindäki çempionlyk derejesini 12-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gazanmagy başarypdy. Şol tapgyryň duşuşygynda Baýramdurdy Meredowyň tälim berýän “Altyn Asyr II” topary 5:0 hasabynda “Merwiň” ýaşlar düzüminden üstün çykmagy başarypdy. Baş tälimçä tejribeli hünärmenler Wladimir Miller bilen Merdan Amangeldiýew kömekleşýärler.

“Altyn Asyr II” toparynyň ýaşlar birinjiliginde bassyr dördünji çempionlygyny gazanandygyny ýatladýarys.

Ýaşlar birinjiliginiň jemi boýunça ikinji, üçünji orunlary degişlilikde “Ahal II” hem-de “Köpetdag II” toparlary eýelediler.

14-nji tapgyryň duşuşyklary:
“Energetik II” – “Köpetdag II” – 0:2
“Şagadam II” – “Merw II” – 0:0
“Altyn Asyr II” – “Nebitçi II” – 3:0 (teh.ýeňliş)
“Ahal II” – “Aşgabat II” –3:0

Çempionatyň tablisasy:

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. “Altyn Asyr II” 14 12 2 0 41-7 38
2. “Ahal II” 14 11 1 2 46-11 34
3. “Köpetdag II” 14 5 4 5 21-12 19
4. “Şagadam II” 14 5 3 6 24-31 18
5. “Aşgabat II” 14 4 4 6 16-17 16
6. “Merw II” 14 4 3 7 6-21 15
7. “Nebitçi II” 14 4 2 8 28-31 14
8. “Energetik II” 14 1 1 12 5-54 4
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň