Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň kubogy ― 2022: Didar Durdyýew möwsümiň iň netijeli futbolçysy boldy

16:2512.12.2022
0
23441

«Ahalyň» hüjümçisi Didar Durdyýew futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň geçen möwsüminde iň kän tapawutlanan futbolçy boldy. Ol çärýek finaldan final duşuşygyna çenli jemi bäş gezek tapawutlandy.

Türkmenistanyň kubogy ― 2022-niň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynyň ikinji ornunda «Şagadamyň» futbolçysy Kerim Hojaberdiýew bar. Ol ýaryşda dört pökgi geçirdi.

Möwsümi dört futbolçy üç gol bilen tamamlady. Olar «Altyn asyrdan» Ahmet Ataýew, Yhlas Toýjanow, «Aşgabatdan» Merdan Muhadow we «Aşgabatdan» Pirmyrat Sultanowdyr.

Şu ýyl ýaryşda jemi 23 futbolçy tapawutlandy. Bir futbolçy (Ýunus Orazmämmedow, «Şagadam») bolsa öz derwezesine pökgi geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň