Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Türkmenistanda hem Daşky gurşawy goramagyň halkara güni giňden bellenilýär

06:1505.06.2015
0
6941

5-nji ivunda bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenilip geçilýär.

Ata Watanymyzyň tebigatynyň baýlygyny we gözelligini aýawly saklamak we artdyrmak hem-de bu bahasyna ýetip bolmajak baýlygy geljekki nesillere ýetirmek Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Soňky ýyllarda Türkmenistan daşary ýurtly myhmanlary ýaş tokaý zolaklaryyň meýdanynyň okgunly giňelmegi, ýylyň ähli pasyllarynda gök öwüsýän seýilgähleri bilen haýran galdyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyyň dürli künjeklerinde müňlerçe gektar meýdanda ynsan eli bilen döredilen gülzarlyklar we lälezarlyklar ýaýylyp ýatyr. Giň gerimli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine garşy göreşmek babatda bütindünýä işine saldamly goşantdyr. Tokaý zolaklary her bir ilatly ýeriň töwereginde, awtomobil hem-de demir ýollaryň ugrunda peýda bolup, oňaýly howa ýagdaýyny döredýär, tomus paslynda şäherlerimizi we obalarymyzy Garagumuň jöwzasyndan, gyşyna bolsa aňzak şemaldan goraýar. Elde döredilen ýaşyl zolaklar biologiki köpdürlülige hem oňaýly täsir edip, täze ýerlerde mesgen tutýan haýwanlaryň köp görnüşleri üçin öý bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan neşir edilýän “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” žurnal ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak işinde gazanýan üstünliklerini bütin dünýäde giňden wagyz etmäge, ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleleri şöhlelendirmäge gönükdirilendir.

Türkmenleriň bütin taryhy mähriban ülkämiziň tebigaty – uç-gyraksyz  Garagum çöli  we gülläp ösýän  sahawatly oazisler, Köpetdagyň beýik gerişleri hem-de gojaman Hazaryň ajaýyp kenarlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.  Biziň halkymyz gadymdan bäri mähriban topragymyza aýawly hem-de  uly mähir bilen garap, topragyň alada bilen gurşalmagynyň bol hasyl eçiljekdigine oňat düşünýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy maksady mähriban topragymyzyň gülläp ösmegini, türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlarynyň dikeldilmegini, olara mukaddeslik hökmünde garalmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Türkmenistan Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi tebigaty goramak ulgamynda anyk we netijeli işler bilen garşylaýar. Ýurdumyzyň bütin dünýäde tebigatyň gözelligini saklap galmak baradaky başlangyçlary bolsa dünýä jemgyýetçiliginde goldaw tapýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň