Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk görýär

13:1510.12.2022
0
27814
Türkmenistan ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk görýär
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanda şu ýylyň 17 — 27-nji dekabry aralygynda «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek» ady bilen geçiriljek ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Munuň bilen baglylykda, şu günler ähli edara-kärhanalaryň, mekdepleriň öňünde maglumatly diwarlyklar ýerleşdirilýär.

Bu giň gerimli çärä taýýarlyk görmekde we ony geçirmekde sanly tehnologiýalar hem giňden ulanylýar. Ýazuwyň ähli tapgyrlarynda, şol sanda maglumatlary ýygnamakda, işlemekde we ulgamlaşdyrmakda ugurdaş programma üpjünçiligi ornaşdyrylan döwrebap enjamlardan peýdalanylar. Sanly format has takyk görkezijileri almaga, şeýle-de ýazuwyň deslapky we gutarnykly netijelerini öz wagtynda, dolulygyna çap etmäge mümkinçilik berer.

Ýazuwa gatnaşjak işgärleri saýlap almak we olary okatmak boýunça hem işler depginli alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan halkara bilermenleriň gatnaşmagynda welaýat statistika edaralarynyň işgärleri üçin okuw maslahaty guraldy. Bu forumyň dowamynda ýazuwyň guramaçylyk we usulyýet meselelerine, ýaşaýyş jaýy üçin ulanylýan binalaryň häsiýetnamasy, öý hojalyklaryny hasaba almak ýaly mowzuklaýyn ýazuw kagyzlaryna garaldy. Sanly enjamlary (planşet) ulanmak arkaly öý hojalygynyň her bir agzasy boýunça ýazuw kagyzynyň doldurylmagyna aýratyn üns berildi. Öz gezeginde, okuw maslahatyna gatnaşan hünärmenler bütin ýurt boýunça ýazuwa gatnaşýan sanaýjylary okadarlar.

Şeýle-de taýýarlygyň çäklerinde «TM CELL» öýjükli aragatnaşyk operatorynyň müşderilerine ýazuwyň möhleti we onuň ähmiýeti baradaky SMS habarnamalar ugradyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň