Soňky habarlar

Arhiw

«Ýylyň talyby» döwlet bilim bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

16:3704.06.2015
0
5045

Ýakynda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda «Ýylyň talyby» döwlet bilim bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Diplomlary hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşigiň baş baýragyna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agronomçylyk fakultetiniň oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylyk hünäriniň 4-nji ýyl talyby Yslam Mommadow mynasyp boldy.

«Ýylyň talyby» döwlet bilim bäsleşigi Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guralýar. Bäsleşigiň döwlet tapgyryna ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan talyplar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň döwlet tapgyry 3 günüň dowamynda geçirildi. Birinji güni S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bäsleşigiň şertlerine görä, öňünden tabşyrylan resminamalar boýunça talyplaryň üstünliklerine baha berildi. Şeýle-de, olaryň kompýuter tehnologiýasy boýunça bilimleri barlanyldy. Ikinji güni Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde taryh, türkmen dili dersleri boýunça bäsleşik guraldy. Üçünji güni bäsleşik Halkara türkmen-türk uniwersitetinde iňlis dili dersi boýunça dowam etdi. Bu ýerde talyplar erkin tema boýunça çykyş etdiler.

Yslam Mommadow erkin tema boýunça çykyşynda öz hünärini, bilim ojagyny wasp edip, «Arzyly kesbim» atly goşgyny labyzly okady. Bu hem onuň öz hünärini söýýändigini we ony ürç edip öwrenýändigini görkezýär.

Yslam 2006-njy ýylda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 22-nji orta mekdebini tamamlaýar. 2008—2010-njy ýyllarda Watan gullugynda bolýar. Şol ýyllarda-da oba hojalygyny söýýän ýigit bu ugurdan ýokary bilim almagy ýüregine düwýär. 2011-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine okuwa girýär.

Eýýäm mekdep ýyllarynda Yslam biologiýa dersi boýunça ders bäsleşiklerine gatnaşyp, üstünlikleri gazanýar. Talyplyk ýyllarynda-da birnäçe bäsleşiklerde şowly çykyş edýär. Ol şu ýyl Açyk halkara internet olimpiýadasyna informatika we ekologiýa dersleri boýunça gatnaşyp, III derejeli Diplomlara we medallara mynasyp boldy.

Yslam Mommadow «Güýzlük bugdaýyň täze sortlarynyň ösüş aýratynlyklary» atly ylmy işiniň üstünde işleýär. Ol şu işi bilen ýaş alymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda geçen ýylda geçirilen ylmy bäsleşikde 1-nji orna eýe boldy. Geljekde-de oba hojalyk ekinleriniň seçgisini, tohumçylygyny ösdürmek, ylmy esasda kämilleşdirmek boýunça ylmy işleriň üstünde işlemegi maksat edinýär.  Ol genetika, molekulýar biologiýa, biotehnologiýa ylymlary bilen hem içgin gyzyklanýar. Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň gidroponika usuly, ýagny topraksyz ekinleri ýetişdirmek bilen bagly tejribeleri geçirip, bu ugurda bilimini artdyrýar.

Yslam okaýan bilim ojagynda atly talyp hakynyň eýesi. Ol ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda guralan «Akyl giňişligi» telebäsleşigine öz toparynyň toparbaşysy bolup gatnaşdy. Bu topar telebäsleşigiň tapgyrlarynda Kuboga we 1-nji ýere mynasyp boldy.

Zehinli talyp okuwyndan daşary sportuň düzzüm, şahmat, şaşka görnüşleri bilen gyzyklanýar. Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän uniwersiadalara işjeň gatnaşyp, ýeňiji bolýar.

Ýurdumyzyň oba hojalyk neşirlerinde, şol sanda «Bereketli toprak» gazetinde Yslam Mommadowyň agzalan ylmy işi, şeýle-de gowaça, mekgejöwen ösdürip ýetişdirmek bilen bagly makalalary, oba hojalygyndaky ylmy-barlag işlerine synlary okyjylara ýetirildi.

Biz hem uly yhlasly hem-de zehinli talybyň geljekde-de uly üstünlikleri gazanmagyny, ylym-bilim, durmuş ýolunyň ýagty bolmagyny arzuw edýäris. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň