Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Özbegistana eskport edilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrdy

12:0710.12.2022
0
26351

Türkmenistan Özbegistana eskport edilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrdy. Has takygy, häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasynyň Özbegistana eksporty 17% ýokarlanyp, bir gije-gündiziň dowamynda 20-21 million kilowatt-sagada ýetdi. Bu barada özbek metbugatynda habar berilýär.

Özbegistanyň elektrik energiýasynyň importyny artdyrmagyna içerki islegleriň köpelmegi sebäp hökmünde görkezilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň bir gije-gündiziň dowamynda Türkmenistandan import edýän elektrik energiýasynyň mukdary 3 million kWt/s artyp, ozal 17-18 million kWt/s bolanlygyndan 20-21 million kWt/s-a ýetirildi.

Özbegistanyň Energetika ministrliginiň hasaplamalaryna görä, ýurtda gyşyň sowuk howaly günlerinde bir gije-gündiziň dowamynda elektrik energiýasynyň 18-20 million kWt/s möçberi sarp edilýär. Ýurduň elektrik energiýasyna bolan zerurlygynyň esasy bölegi Türkmenistandan amala aşyrylýan importyň hasabyna üpjün edilýär. Şeýle-de Özbegistan daşary ýurt walýutasynda edilýän çykdajarynyň belli bir böleginiň öwezini dolmak üçin elektrik energiýasynyň 5-6 million kWt/s-ny Owganystana eksport hem edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň