Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanda çagalaryň hukuk goraglylygy» atly neşir çap edildi

11:4610.12.2022
1
24849

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň goldaw bermeginde «Türkmenistanda çagalaryň hukuk goraglylygy» atly neşir çap edildi.

ÝUNISEF-iň resmi web-saýtynda habar bermegine görä, onda çaganyň hukuklary baradaky milli kanunlaryň we halkara hukuk resminamalarynyň ýygyndysy ýerleşdirilipdir. Bu neşir jemgyýetde çagalaryň hukuklary babatynda habardarlygy ýokarlandyrmaga we hukuk bilimleriniň has giňden ýaýradylmagyna ýardam berer.

Neşiriň elektron görnüşini şu ýerden ýükläp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň