Soňky habarlar

Arhiw

DTYB-nyň işini kämilleşdirmekde geçiriljek çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy

23:4809.12.2022
0
15560

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ugry boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenler bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işini kämilleşdirmek hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenler bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Daşary işler ministrligine Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi bilen bilelikde şu Meýilnamanyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň