Soňky habarlar

Arhiw

Argentina Niderlandlary ýeňip, ýarym finala çykdy

10:5110.12.2022
0
37666

Argentinanyň ýygyndysy Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň çärýek finalynda oýundan soňky penaltiler boýunça Niderlandlary 4:3 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

«Luzail Aýkonik» stadionynda geçirilen oýunda hasaby 35-nji minutda Lionell Messiniň pasyndan soňra Nauel Molina açdy. 73-nji minutda penaltini dürs ýerine ýetiren Messi hasapdaky aratapawudy 2 topa çykardy. Ätiýaçdan oýna giren Waut Wegorst 83-nji minutda hasaby gysgaltdy. Duşuşygyň 101-nji minutynda ýene şol Wegorst öz adyna ikinji goly ýazdyryp, oýnuň goşmaça 30 minut dowam etmegine sebäp boldy. Goşmaça ýarymlaryň ikisi hem golsuz tamamlandy.

Oýundan soňky 11 metrlik jerime urgularynda bolsa Argentina garşydaşyndan 4:3 hasabynda üstün çykdy.

Ýeri gelende ýatlatsak, Argentina ozalky tapgyrda Awstraliýany 3:1 hasabynda ýeňip, öýüne ugradypdy. Niderlandlar bolsa 1/8 finalda ABŞ-dan 3:1 hasabynda rüstem gelipdiler.

Argentina ýarym finalda Horwatiýanyň ýygyndysyna garşy meýdança çykar. Duşuşyk 13-nji dekabrda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň