Soňky habarlar

Arhiw

GDA ýurtlarynyň ýaşaýjylary Täze ýylda nädip arzuw edýärler

10:2310.12.2022
0
37478
GDA ýurtlarynyň ýaşaýjylary Täze ýylda nädip arzuw edýärler
Surat: unsplash.com

GDA ýurtlarynyň ýaşaýjylaryny diňe bir köpýyllyk umumy taryh däl, eýsem, Täze ýyly garşy almak bilen baglanyşykly däpler hem birleşdirýär.

Ilkinji bilen göz öňünde janlanýan zat – arzuwlaryňy kagyzjyga ýazmak, ony ýakmak, külüni bolsa şampanly bulgura goşup içmekdir.

Onuň haýalrak görnüşi hem bar, bu usul birden köp arzuwy bolanlar üçin amatlydyr. 12 sany kagyz bölejigine 12 sany arzuw ýazylýar, olar eplenip, ýassygyň aşagynda goýulýar. Irden kagyzjyklaryň diňe birini almaly – şol arzuw hem Täze ýylda hasyl bolar.

31-nji dekabrda ýanyp duran bengal ody boýunça hem arzuw etmek bolýar. Munuň üçin şem bilen ony ýakmaly we ot ýanyp durka arzuwyňy içiňden gaýtalamaly. Ýanyp gutaran bengal yşygyny arzuwyň hasyl bolýança ýanyňda saklamaly.

Arkalaşygyň käbir ýurtlarynda saçagyň başynda aýdylan islendik arzuw hasyl bolýar diýlip hasap edilýär. Şonuň üçin hem baýramçylyk wagty hökmany suratda saglyk we bagt üçin bulgurlar göterilmelidir.

Arzuw etmek bilen baglanyşykly däpleri synap görmek mümkindir, munuň üçin aşakdaky salga giriň we Ýewropa ýurtlarynda nähili arzuw edilýändigi bilen tanşyň.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň