G.Mämmedowa «Fransiýa – Merkezi Aziýa» parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

23:2209.12.2022
0
22429

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň binasynda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň «Fransiýa — Merkezi Aziýa» parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara we abraýly sebit guramalarynyň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejesine oňyn baha berip, ilkibaşdan deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýlan hyzmatdaşlyga iki ýurduň hem täze itergi bermäge çalyşýandyklaryny tassykladylar.

Mejlisiň ýolbaşçysy duşuşygyň barşynda myhmany milli parlamentiň işi bilen tanyşdyrdy.

Şeýle-de söhbetdeşler tejribe alyşmagy işjeňleşdirmegiň, parlament diplomatiýasynyň we parlamentara gatnaşyklaryň, şol sanda «Fransiýa – Merkezi Aziýa» dostluk toparynyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmagyň möhümdigini nygtadylar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa we Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň «Fransiýa — Merkezi Aziýa» parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý soňky döwürde gazanylan döwletara ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň möhümdigini ýene-de bir gezek belläp, taraplaryň parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň