Soňky habarlar

Arhiw

DIM-niň 2023-nji ýyl üçin çykdajylarynyň sanawy tassyklandy

23:3509.12.2022
0
35701

Şu gün türkmen diplomatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde «Diplomatik gulluk hakyndaky», «Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakyndaky» we «Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek we olaryň öz üstüne ýüklenilen wezipeleri netijeli ýerine ýetirmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrliginiň 2023-nji ýyl üçin çykdajylarynyň sanawy, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryny we konsullyk edaralaryny saklamak üçin çykdajylaryň sanawy tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň