Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

22:4409.12.2022
0
19488
Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Surat: council.gov.ru

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýowyň duşuşygy geçirildi diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Şeýle-de duşuşygyň barşynda myhman, mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady we Türkmenistana ösüşiň hem-de rowaçlygyň ýolunda mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Konstantin Kosaçýow Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen bu hukuk ýagdaýynyň Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde işjeň orny eýeleýändiginiň aýdyň beýanydygyny nygtady.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy myhmana sapar mahalynda göz öňünde tutulan duşuşyklaryň we gepleşikleriň üstünlikli geçirilmegini, taraplar üçin gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalary arzuw etdi.

Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, mähirli sözler üçin Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasaryna minnetdarlyk bildirdi hem-de Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy ýakynda Russiýa Federasiýasyna bolan resmi saparyny aýratyn mähirlilik bilen ýatlaýandygyny belledi. Şeýle-de şu günki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýene-de bir möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň mundan beýläk-de ynsanperwer, jemgyýetçilik, medeni gatnaşyklary ösdürmäge, zenanlaryň hem-de ýaşlaryň ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.

Söhbetdeşler duşuşygyň ahyrynda birek-birege ýene-de bir gezek iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki doganlyk halkyň köpasyrlyk taryhy, ruhy we medeni umumylygynyň kuwwatly binýadynda guralýan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň