Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow BAE-niň wekiliýetini kabul etdi

22:2909.12.2022
0
18616
Serdar Berdimuhamedow BAE-niň wekiliýetini kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygynda Aşgabada sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wekiliýetini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirip, Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler.

Sultan Al Jaber hem-de BAE-niň wekiliýetiniň beýleki agzalary mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy bilen gutladylar.

Söhbetdeşligiň barşynda wekiliýetiň şu gezekki saparynyň netijeli türkmen-emirlik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, şeýle hem dürli ugurlarda ilkinji nobatdaky wezipeleriň kesgitlenilmegine gönükdirilen anyk duşuşyklaryň geçirilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

— Ýakynda Birleşen Arap emirliklerine bolan resmi saparymy ýakymly duýgular

bilen ýatlaýaryn, onuň barşynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi, möhüm ylalaşyklar gazanyldy — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ýola goýlan ýakyn gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň ähmiýetine ünsi çekip, ýurduň bu gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, BAE-niň Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny kanagatlanma bilen nygtady hem-de ýangyç-energetika toplumyny, himiýa senagatyny, ulag-kommunikasiýa hem-de maliýe-bank ulgamlaryny netijeli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezmek bilen, şulardan ugur alyp, beýleki birnäçe ugurlar boýunça hem hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini zerur hasap edýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmagy ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlemek bilen, türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň giňeldilmegine, maýa goýumlarynyň höweslendirilmegine gönükdirilen, şeýle hem maliýe we hukuk meselelerine degişli ikitaraplaýyn resminamalary taýýarlamagyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.

Myhmanlar Prezident Serdar Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine berýän uly ünsi üçin hoşallyk bildirip, BAE-niň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy alyp barmagy we täze geljegi uly taslamalara gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar.

BAE-niň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny we maýa goýum çekijiligini belläp, Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň aýratyn ornuny nygtadylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow BAE-däki hyzmatdaşlaryň gyzyklanma bildirýän ähli ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmek boýunça anyk tekliplerine türkmen tarapynyň seretmäge taýýardygyny tassyklap, döwletara gatnaşyklaryň iki dostlukly halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen döwletiniň Baştutany we myhmanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara bähbitli uzak möhletleýin esasda mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň