Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasynyň işi bilen tanyşdy

10:3504.06.2015
0
2927

Ýurduň nebitgaz we mineral serişdeler ministriniň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasynda boldy.

Çäräniň barşynda myhmanlar biržanyň işi bilen tanyşdylar, şeýle hem türkmen hyzmatdaşlarynyň biržanyň elektron söwdalaryna gatnaşmagynyň gelejegini ara alyp maslahatlaşdylar.

2013-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi saparynyň barşynda Özbegistan Respublikasynyň haryt çig-mal biržasy bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyga gol çekilendigini ýatladýarys — diýlip, Özbegistan Respublikasynyň HÇMB-nyň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň