Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy

22:1209.12.2022
0
41298
Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Mejlisiň kararynda laýyklykda, döwlet Baştutany bu nyşana Türkmenistanyň dünýädäki halkara abraýyny has-da belende götermekde goşan uly şahsy goşandy, ýurduň diplomatik gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça döwlet işinde bitiren hyzmatlary mynasybetli mynasyp boldy.

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, onda ýurdumyzyň daşary syýasat ugruny mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hem «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň