Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow türkmen diplomatlarynyň gatnaşmagynda giňişleýin Hökümet mejlisini geçirdi

22:0109.12.2022
0
21976
Serdar Berdimuhamedow türkmen diplomatlarynyň gatnaşmagynda giňişleýin Hökümet mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlise Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, halkara guramalardaky wekilleri hem gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany Türkmenistanyň daşary-syýasy üstünlikleri, bu ugurdaky däp bolan ýörelgeleri, dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan diplomatik gatnaşyklar, öňde durýan wezipeler barada çuň many-mazmunly çykyş etdi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň daşary syýasatynyň iki ugur, ýagny dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýandygyny belledi hem-de birnäçe daşary ýurtlar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň aýratynlyklary barada belläp geçdi.

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynda BMG-niň Baş Assambleýasyndan gelip gowşan hoş habar, ýagny BMG-niň Baş Assambleýanyň 77-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2023-nji ýylyň «Dialog — parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly» diýlip atlandyrylandygy we bu baradaky Kararnamanyň kabul edilendigi barada aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylary, türkmen diplomatlaryny we ähli türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni, şeýle-de Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2023-nji ýylyň «Dialog — parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly» diýlip atlandyrylmagy we bu baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisde Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri-de çykyş etdiler.

Türkmen diplomatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde soňky 15 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG tarapyndan dürli ugurlar boýunça 20 sany Rezolýusiýanyň kabul edilendigi barada bellenildi. Şeýle-de häzirki wagtda Türkmenistanyň 49 sany halkara guramada mynasyp wekilçilik edýändigi, 168 sany halkara konwensiýa goşulandygy, halkara gün tertibinde duran ählumumy meseleleri çözmekde möhüm başlangyçlar bilen işjeň çykyş edýändigi barada aýdyldy.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany Türkmenistanyň daşary syýasaty we Halkara Bitaraplyk güni bilen baglylykda käbir resminamalara-da gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň