Aşgabatda galp resminamalary ýüze çykarmagyň usullary boýunça tälimçiler üçin okuw maslahaty geçirildi

20:5609.12.2022
0
17262
Aşgabatda galp resminamalary ýüze çykarmagyň usullary boýunça tälimçiler üçin okuw maslahaty geçirildi
Surat: migration.gov.tm

2022-nji ýylyň 5-8-nji dekabrynda Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasynyň (BOMCA) çäklerinde galp resminamalary ýüze çykarmagyň usullary boýunça tälimçiler üçin milli okuw maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Maslahata bu ugurda iş alyp barýan halkara we milli hünärmenler, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda halkara bilermenler çärä gatnaşyjylary resminamalaryň hakykylygyny anyklamak boýunça tälimçileri taýýarlamak ugrunda Ýewropa Bileleşiginiň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem olar barlag-goýberiş nokatlarynda galp resminamalary ýüze çykarmagyň dürli usullarynyň üstünde durup geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň