Soňky habarlar

Arhiw

Berdiýewiň topary ilkinji geçiş duşuşygynda ýeňiş gazandy. Ýöne türkmen hünärmeni «Rostowda» galarmyka?

08:5604.06.2015
0
3008
«Rostowyň» futbolçylary belli türkmen hünärmeni Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda indiki möwsümde Russiýanyň premýer-ligasynda oýnamaga hukuk gazanmak ugrundaky iki geçiş duşuşygynyň ilkinjisinde myhmançylykda 0:1 hasabynda «Tosnodan» üstün çykdylar. Ýeňiş pökgüsini 87-nji minutda Buharow geçirdi. «Rostowyň» baş tälimçisi Gurban Berdiýew oýundan soň, duşuşygyň dartgynly ýagdaýda geçendigini belledi. Şeýle-de, ol jogap duşuşygynyň öň ýanynda bu üstünlige aşa ýokary baha berip oturmagyň hajatynyň ýokdugyny aýtdy. —Örän wajyp oýun — diýip, G. Berdiýew «Biziň futbolumyz» teleýaýlymyna gürrüň berdi. — Pökgi geçirtmezlik zerurdy. Ikinji ýarymda jogapkärçiligi ýiti duýduk. Ýalňyşlarymyzdan howatyrlandyk. —Dzýubanyň Buharow bilen çalşyrylmagy näme bilen baglanyşykly boldy? —Gol geçiresimiz geldi. Şeýle hem boldy. Olaryň ikisi-de «ikinji gatda» gowy oýnaýarlar. —0:1 hasabyndaky ýeňişden soň, «Rostowyň» premýer-ligada galmaga nähili mümkinçiligi bar? —Biraz artykmaçlyk bar diýäýmeseň, üýtgeşik zat ýok. Biraz soňra, oýundan soňky metbugat maslahatynda «Rostowyň» baş tälimçisiniň özüne Moskwanyň «Spartagy» tarapyndan bildirilýän gyzyklanmany inkär edesi gelmedi. —Beýle zatlara düşündiriş beremok — diýip, Berdiýew aýtdy. Muňa garamazdan «Spartagyň» baş direktory Serheý Radionow TASS-a beren beýanatynda bu meselä şeýle düşündiriş berdi: «Biz üç dalaşgäri Dmitriý Aleniçewi, Gurban Berdiýewi we Wiktor Gonçarenkony göz öňünde tutýarys. Täze tälimçiniň ady 8-nji iýuna çenli yglan edilmez». 3-nji iýunda «Spartagyň» direktorlar geňeşi baş tälimçilige dalaşgärleriň biri bolan Dmitriý Aleniçewiň maksatnamasyny diňledi. Biraz öňräk bolsa bu geňeşiň öňünde häzirki wagtda «Rostowa» ýolbaşçylyk edýän Gurban Berdiýew hem çykyş edipdi — diýip, «Sport-ekspress» habar berýär. Bu neşiriň habar bermegine görä, Moskwanyň «Spartagynyň» täze tälimçisiniň adynyň yglan ediljek güni ýönelige saýlanyp alnanok 7-nji iýunda «Rostow» Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda «Tosna» garşy jogap duşuşygyny geçirer.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň