Arhiw

Türkmenistan Özbegistandan alma import etmekde öňdäki bäşlige girdi

17:3809.12.2022
0
20112

Türkmenistan 2022-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Özbegistandan alma import etmekde öňdäki hatarlardan orun aldy. Bu barada özbek internet neşirleri habar berýär.

Degişli döwürde Türkmenistan Özbegistandan jemi 163 tonna alma satyn alyp, bu ugurda dördünji orunda ýerleşdi. Özbek almasyny import etmekde Gazagystan (12,6 müň tonna), Russiýa (4,2 müň tonna) we Gyrgyz Respublikasy (1,5 müň tonna) öňdäki üçlüge girýär.

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylyň 10 aýynda Özbegistan daşarky bazarlara jemi bahasy 7,3 million amerikan dollaryna barabar bolan 18,5 müň tonna alma eksport edipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň