Soňky habarlar

Arhiw

Katarda dünýäde iň uly surat eseri görkezildi

12:4509.12.2022
0
20421
Katarda dünýäde iň uly surat eseri görkezildi
Surat: thepeninsulaqatar.com

Katarda dünýäde iň uly nakgaşlyk eseri görkezildi. Ony döretmek üçin suratkeş Emad Salehi 5 aý işledi we 3 müň litr reňk sarp etdi diýip, «Habar 24» ýazýar.

Nakgaş her gün 18 sagat işledi. Onuň aýtmagyna görä, surat eseri futbolyň taryhyny beýan edýär hem-de onda dünýäniň ähli belli futbol oýunçylary görkezilendir.

Sungat eserini Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba aldyrmak üçin guramaçylar ony Kataryň uniwersitetiniň stadionynda ýazdylar. Suratyň meýdany 9 müň inedördül metrden gowrak. Bu ugurdaky öňki rekord britan nakgaşy Saşi Jafrä degişlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň