Mejlisiň Başlygy birnäçe ilçiden ynanç hatlaryny kabul etdi

23:4308.12.2022
0
13471

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa daşary ýurtlaryň birnäçesiniň — Norwegiýa Patyşalygynyň, Finlýandiýa Respublikasynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Indoneziýa

Respublikasynyň, Gana Respublikasynyň, Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden, şeýle hem Apostol nunsiýasyndan ynanç hatlaryny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Mejlisiň Başlygy döwlet Baştutanynyň adyndan daşary ýurtly diplomatlary jogapkärli wezipä bellenmekleri bilen gutlap, olara ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän dostlukly we köpugurly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşyklaryň barşynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda guralýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça içgin pikir alşyldy.

Ilçiler Türkmenistanyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurtda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, türkmenistanlylaryň abadançylygyny we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de diplomatlara Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň düzümi we işi, kanunçykaryjylyk ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler barada gürrüň berildi.

Ilçiler öz ýurtlarynyň Türkmenistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini belläp, däp bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga hem-de giň ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ýardam bermäge taýýardyklaryna ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň