Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Halkara internet biologiýa olimpiadasynyň netijeleri jemlendi

10:3009.12.2022
0
37135

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan 7-nji dekabrda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda biologiýa dersi boýunça Halkara internet olimpiadasy geçirildi.

Internet olimpiadasyna Russiýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Belarusuň, Gazagystanyň, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, ABŞ-nyň, Italiýanyň, Malaýziýanyň, Kanadanyň, Angliýanyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Niderlandiýanyň, Ukrainanyň 34 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 102 talyp hem-de Türkmenistanyň 14 sany ýokary okuw mekdeplerinden 92 talyp gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Birinji orunlary alanlaryň arasynda türkmenistanly talyplaryň 10-sy bar:

  1. Şatlyk Tekäýew, 98 ball (Myrat Garryýew adyndaky TDLU);
  2. Babajan Nazarow, 87 ball (Myrat Garryýew adyndaky TDLU);
  3. Saparmuhammet Annageldiýew, 80 ball (Myrat Garryýew adyndaky TDLU);
  4. Azat Meredow, 78 ball (Myrat Garryýew adyndaky TDLU);
  5. Bereket Sapargylyjow, 79 ball (Myrat Garryýew adyndaky TDLU);
  6. Sülgünjemal Sapargylyjowa, 78 ball (Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk instituty);
  7. Kuwwat Serdarow 77 ball (Türkmen oba hojalyk instituty);
  8. Amangeldi Askarow 77 ball (Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty);
  9. Ýazgül Ilbaýewa 75 ball (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti);
  10. Merdan Rustemgulyýew 75 ball (Türkmen oba hojalyk instituty).

Toparlaýyn bäsleşigiň ýeňijileri degişli ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşýanlaryň ortaça gazanan bahalary boýunça kesgitlenildi. Şoňa laýyklykda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň topary 265 ball toplap, birinji orna, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň topary 257 ball toplap, ikinji orna, 224 ball toplan Türkmen oba hojalyk institutynyň topary bolsa üçünji orna mynasyp boldular.

Ozal Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny Halkara internet biologiýa olimpiada gatnaşmaga çagyrýandygy barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň