Ukraina türkmen gazyny satyn almak mümkinçiligine garaýar

07:0004.06.2015
0
2476

Ukraina Türkmenistandan gaz satyn almak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu barada «Ukrtransgazyň» strategik meýilleşdiriş bölümleriniň wekili Anton Kalyşnik beýanat etdi.

Hünärmeniň: «Türkmen gazy suwuklandyrylan tebigy gaz satyn almak bilen deň derejede diwersifikasiýalaşdyrmagyň bir ýoly bolup biler» diýen sözlerini TASS getirýär. Şunuň bilen baglylykda, Kalyşnik munuň öz bilermenlik pikiridigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň