Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi

23:0808.12.2022
0
13720

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak, kazylara hünär derejelerini bermek hakyndaky Permana hem gol çekdi.

Resminama laýyklykda:

  • Annamyrad Geldimyradowiç Saryýew Aşgabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenip, ol Aşgabat şäher kazyýetiniň prezidiumynyň düzümine girizildi we Mary welaýatynyň Baýramaly şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.
  • Serdar Rozymyratowiç Allakow Ahal welaýatynyň Tejen etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenip, ol Ahal welaýatynyň Tejen etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy.
  • Maksat Çaryýewiç Jumaýew Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi.
  • Maksat Muhommetmyradowiç Oratdyýew Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellendi we oňa bäşinji hünär derejesi berildi.
  • Gurt Amandurdyýewiç Gurbandurdyýew Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellendi.
  • Öwezmyrat Gaýypowiç Mämedow Mary welaýatynyň Baýramaly şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenip, ol Lebap welaýatynyň Darganata etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy.
  • Çarynepes Pirnepesowiç Pirnepesow Mary welaýatynyň Ýolöten etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenildi we oňa bäşinji hünär derejesi berildi.
  • Döwlet Atamyradowiç Babaýew Balkan welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy.
  • Guwanç Genjibaýewiç Hudaýberdiýew Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy.
  • Çaly Öwliýagulyýewiç Babaniýazow Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşadyldy.
  • Nurgeldi Bekmyradowiç Baýryýew Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň