«Halk market» içinde süýji sowgatlar bilen Täze ýyl sebetlerini hödürleýär

09:5809.12.2022
0
28635

«Halk market» içinde Täze ýyl sowgatlary bilen baýramçylyk sebetlerini taýýarlamak üçin sargytlary kabul edip başlaýar.

Müşderiniň islegi boýunça Täze ýyl sebedine dürli süýjülikler, hozlar, tagamlar, kofeniň hem-de çaýyň saýlama görnüşleri we ş.m salynýar. Toplumyň bahasy sebediň ululygyna we içindäki sowgatlaryň sanyna baglydyr.

«Halk marketde» sowgatlyk Täze ýyl sebedini sargyt etmek üçin (+993 12) 42 27 52 we (+993 12) 42 27 53 telefon belgilerine jaň etmek maslahat berilýär. Töleg nagt görnüşde, bank kartlary we pul geçirimleri arkaly amala aşyrylýar.

«Halk market» zynjyrynyň dükanlarynda gündelik sarp edilýän dürli harytlary satyn alyp bilersiňiz: et we şöhlat önümleri, däne önümleri, çaý, kofe, konditer önümleri, süýjülikler, nahar üçin goşundylar, Pan-Aziýa aşhanasynyň önümleri, çaga iýmiti, şeýle hem hojalyk himiýa önümleri hem-de ýüz, beden we saç üçin gündelik ideg önümleri.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň