Aşgabat we Baku «Dostluk» ýatagyny bilelikde özleşdirmek boýunça Hökümetara Ylalaşygyny taýýarlaýar

09:5809.12.2022
0
17777

Türkmenistan we Azerbaýjan Hazar deňzindäki «Dostluk» nebit-gaz ýatagyny bilelikde özleşdirmek boýunça Hökümetara Ylalaşyk taýýarlaýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, «Neftegaz.ru» habar berýär.

Habar berilmegine görä, bu Ylalaşyga 14-nji dekabrda Türkmenistanda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek üçtaraplaýyn sammitde gol çekilmegine garaşylýar.

«Dostluk» nebit-gaz ýatagy Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilen arasyndaky deňiz serhedinde ýerleşýän deňiz ýatagydyr. Çaklamalara görä, onuň nebit gory, takmynan, 60 million tonna, tebigy gaz gory bolsa 100 milliard kub metre barabardyr.

Bu ýatagyň özleşdirilmegi Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasynyň hem durmuşa geçirilmegine badalga berer diýlip çaklanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň