Putin ÝAYB-niň sammitine gatnaşmak üçin Bişkege bardy

10:4609.12.2022
0
21603
Putin ÝAYB-niň sammitine gatnaşmak üçin Bişkege bardy
Surat: kaktus.media

Şu gün Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň sammitine gatnaşmak üçin Gyrgyz paýtagtyna geldi diýip, «RIA Nowosti» habar berdi.

Putiniň sammitiň meýdançasynda Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen duşuşjakdygy habar berilýär.

ÝAYB-niň sammiti şu gün Gyrgyz Respublikasynyň paýtagtynda dar we giňeldilen görnüşlerde geçiriler.

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi halkara sebit ykdysady goşulyşmak guramasy bolup, oňa bäş ýurt: Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzysan hem-de Russiýa girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň