Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

22:0908.12.2022
0
28614
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibine ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri baradaky mesele girizildi. Şeýle-de Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary öz gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler we olaryň netijeleri, şeýle-de häzirki wagtda alnyp barylýan işler, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işine sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, Ýaragly Güýçler üçin işgärleri taýýarlamak we harby gullukçylaryň durmuş ugurly meselelerini çözmek boýunça görülýän çäreler barada-da aýdyldy.

Mejlisde Türkmenistanyň raýatlaryny Ýaragly Güýçlerden harby gullukdan boşatmagyň we harby gulluga çagyrmagyň barşy barada hem hasabat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyny durmuşa geçirmek babatda harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler bilen baglylykda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow kazylary we prokurorlary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakyndaky Permanlara-da gol çekdi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, ýurduň asudalygynyň we howpsuzlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň