Soňky habarlar

Arhiw

BMG Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2023-nji ýyly Halkara «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýyly diýip yglan etdi

20:0008.12.2022
0
36773

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2023-nji ýyly Halkara «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýyly diýip atlandyrmak baradaky Kararnamany kabul etdi. Bu barada BMG-niň resmi saýtynda habar berildi.

Bu Kararnamanyň kabul edilmeginiň maksady BMG-niň Tertipnamasynyň jedelleri parahatçylykly ýollar bilen çözmek we geljekki nesilleri dawa-jenjellerden halas etmek baradaky esasy ýörelgelerine halkara giňişliginiň ünsüni çekmekden ybaratdyr. Bu Kararnamany kabul etmek baradaky başlangyç Türkmenistanyň adyndan Baş Assambleýanyň 77-nji sessiýasynda öňe sürüldi.

Guramanyň resmi saýtynda BMG-niň 2023-nji ýyly Halkara «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýyly diýip atlandyrmagynyň sebäbi hökmünde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen bu başlangyjyň döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigi görkezilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu Kararnamanyň jedelleri gepleşikler ýoly bilen aradan aýyrmakda alnyp barylýan halkara tagallalara goldaw berjekdigi bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň