Soňky habarlar

Arhiw

Yrak türkmen gazyny import etmek boýunça gepleşik geçirýär

17:1108.12.2022
0
20781

Yragyň Energetika ministrligi häzirki wagtda ýiti duýulýan elektrik energiýasynyň ýetmezçiligini ýeňip geçmek boýunça Türkmenistandan we Katardan gaz import etmek üçin gepleşikleriň geçirilýändigini habar berdi.

Ministrligiň metbugat sekretary Ahmed Musa 6-njy fewralda Yrak habar gullugyna (INA) beren interwýusynda häzirki wagtda Yragyň bu iki ýurt bilen elektrik ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin, gaz üpjünçiligi barada gepleşik geçirýändigini aýtdy. Şeýle hem Yragyň henizem Eýranyň gazyna mätäçdigini, Yrak tarapynyň Eýrana gaz bergilerini doly töländigini aýtdy.

Dünýäde nebite baý ýurtlaryň biri bolan Yrakda onlarça ýyl bäri elektrik ýetmezçiligi bilen bagly meseleler çözülmän gelýär. Ýurduň häkimiýetleri elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak üçin, ilkinji nobatda gaz üpjünçiligini ýokarlandyrmagy, bu ugurda ygtybarly hyzmatdaşlyk etjek ýurtlar bilen degişli ylalaşyklary baglaşmagy maksat edinýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň