Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň birinji mejlisi geçirildi

06:1004.06.2015
0
2241

3-nji iýunda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Oňa iki döwletiň esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Dostlukly ýurduň uly wekiliýetine Wengriýanyň daşary işler ministriniň orunbasary doktor Laslo Sabo ýolbaşçylyk edýär.

Duşuşygyň barşynda toparyň agzalary döwletara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçiligiň bardygyny belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Hususan-da, söwda-ykdysady ulgamda özara hereketleri çuňlaşdyrmak üçin anyk ädimler kesgitlendi, bilelikdäki önümçilikleri we kärhanalary döretmegiň hasabyna haryt dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Türkmenistandan Wengriýa eksport edilýän harytlaryň sanawyny giňeltmek baradaky teklibe garamaga aýratyn üns berildi.

Mejlisiň gün tertibine şeýle hem energiýa serişdelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak meseleleri girizildi. Duşuşyga gatnaşyjylar ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny belläp, degişli hökümetara Ylalaşygynyň taslamasyny taýýarlamak barada özara pikir alyşdylar. Kompýuter we maglumat tehnologiýalary ulgamynda ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary ýola goýmak ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesi boldy.

Oba hojalygynda-da hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin giň mümkinçilikler bar. Şu babatda oba hojalyk önümlerini  ýetişdirmekde iň täze ýokary tehnologiýalary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmagy guramagyň maksadalaýykdygy bellenildi.  Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde wenger gök önümleriniň we üzüminiň dürli görnüşleriniň synaglaryny geçirmek baradaky mesele hem toparyň agzalarynyň garamagyna hödürlendi.  Suwdan peýdalanmak ulgamy ikitaraplaýyn özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaldy. Duşuşyga gatnaşyjylar bu meseläniň wajypdygy barada aýdyp, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, hapa suwlary arassalamak hem-de jemagat hojalygyň hyzmatlary babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin pikirlerini aýtdylar.

Mejlisiň barşynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, keselleri anyklamakda we bejermekde hem-de beýleki ugurlarda häzirki zaman gazanylanlar barada maglumatlary alyşmak boýunça gatnaşyklary ýola goýmak hakynda teklip aýdyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar gumanitar ugur boýunça iki ýurduň özara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň wajypdygyny nygtap, medeniýet, bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan häsiýetini bellediler. Hususan-da, bilelikdäki çäreleri geçirmegiň, Türkmenistanda hem-de Wengriýada guraljak iki ýurduň wekilleriniň halkara maslahatlaryna we beýleki döredijilik forumlaryna gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.

Şu gün mejlis öz işini dowam eder. Duşuşygyň netijeleri boýunça gol çekilmegi göz öňünde tutulýan Teswirnama  döwletara hyzmatdaşlygynyň çäklerini görnetin giňeltmäge mümkinçilik berer hem-de birnäçe esasy ulgamlar boýunça  netijeli özara hereket etmek üçin uly geljegi açar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň